Dünýäde ilkinji 6G antenna döredildi
Alymlar dünýäde ilkinji 6G antennasyny döretdiler. Antennanyň özboluşly aýratynlygy maglumat geçiriş tizligini 5G-den birnäçe müň esse ýokary üpjün etmek ukybydyr.
2028-nji ýylda ornaşdyrylmagyna garaşylýan mobil aragatnaşygyň altynjy nesliniň ulanyljak ugurlarynyň biri hem adamlaryň arasynda aragatnaşyk üçin hakyky gologrammalaryň döredilmegi bolar. Gürleşýän adamyňyzy görmek bilen çäklenmän, eýsem, göwrümli şekili arkaly onuň bardygyny duýmaga mümkinçilik berýän wideo jaňlaryny göz öňüne getiriň.
Bu tehnologiýany täjirçilik taýdan durmuşa geçirmek 2030-njy ýyldan soň mümkin bolar.
6G we 5G torlarynyň arasyndaky esasy tapawut maglumat geçiriş tizligidir. Eger 5G torunda maglumat geçiriş tizligi 1 Gbit/s-den 10 Gbit/s aralygynda bolsa, 6G torunda maglumatlary 100 esse çalt – 1Tbit/s tizlikde geçirip bolýar.
Altynjy nesliň ýene bir artykmaçlygy kuwwatly sygymydyr. Häzirki wagtda internete birikdirilen enjamlar barha köpelýär – awtoulag duýduryşlaryndan başlap, akylly rozetkalara we çäýneklere çenli. Şeýle enjamlar köpelip başlanda, şol sanda senagat derejesinde köpelende, hut 6G standarty ulgamyň kadaly işlemegine mümkinçilik berer.