Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanyň ilkinji Prezidenti bilen duşuşdy
Kazanda saparda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti, Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýimiýew bilen duşuşdy.
«Tatar-informuň» habar bermegine görä, duşuşyk «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» XV halkara ykdysady forumynyň çäginde geçirildi.
Söhbetdeşler «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň işi barada pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, Yslam döwletleri bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda häzirki döwürde amala aşyrylýan işler, şeýle hem Türkmenistan bilen Tatarystanyň käbir bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.