Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi

 «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Magtymguly Pyragynyň eserlerinden ugur alyp, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek we olaryň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek ýaly meselelerine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri hem-de Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

«Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň Watana, onuň abadan, parahat durmuşyna, mukaddes topragyna bagyşlanan öwüt-ündew häsiýetli setirleri ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebi bolup durýar» diýip, çykyş edenler bellediler.

Şeýle hem, wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda sagdyn ruhly, sagdyn bedenli ýaşlary terbiýelemekde, ynsan saglygyna zyýan berýän zyýanly endiklere garşy göreşmekde nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Çilim çekmegil», «Munda çilimkeş», «Neşekeş», «Çilimkeş», «Naskeş», «Nas atan» ýaly goşgularynyň uly ähmiýetiniň bardygy bellenip geçildi.