Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Gahryman Arkadag myhmany mähirli mübärekläp hem-de ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady we Neda Bergeriň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri medeniýet, sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda ýakyn işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda Neda Bergeriň alyp barýan işlerine ýokary baha bermek bilen, ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsini ýola goýmak ugrunda tagallalary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana şu gezekki saparyň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine öz doglan gününe gymmatly sowgady goşgularynyň dört dilde – türkmen, iňlis, nemes we rus dillerinde çap edilen, Gahryman Arkadagyň giriş sözi ýerleşdirilen kitaby sowgat berendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy giriş sözünde bilelikde amala aşyrylan ähli taslamalara ýokary baha berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmen-Awstriýa jemgyýeti, şol wagt Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa amala aşyran ilkinji resmi saparynyň hormatyna, 16 ýyl mundan ozal döredildi. Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy hem-de goldawy bilen Türkmen-Awstriýa “Galkynyş” simfoniki orkestri döredildi, Türkmenistanda Wena ballary geçirildi.

Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň saýtynda rus, iňlis we nemes dillerinde habarlar ýerleşdirilýär, olar dünýäniň 30 ýurdunda okalýar.

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, öňde uly wezipeler, şol sanda geljek ýyl Aşgabatda Awstriýa öýüni açmak baradaky başlangyjy durmuşa geçirmek boýunça, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Awstriýanyň hemişelik Bitaraplygynyň 70 ýyllygy mynasybetli möhüm işler durýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geljek, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek barada türkmen tarapynyň başlangyjyny goldandygy üçin, Awstriýa minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan döredijilikli işleriniň medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny hem-de iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam berýändigini aýdyp, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetiň ýolbaşçysy hanym Neda Bergere berk jan saglyk, abadançylyk, möhüm we jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi we ony Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli öňde boljak giň gerimli dabaralaryň hormatly myhmanlarynyň hatarynda görmäge şatdygyny belledi.

Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul edendigini habar beripdik.