«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň wekili Eýranda nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdy

Eýranyň 28-nji halkara nebit, gaz, nebiti gaýtadan işlemek we nebithimiýa sergisinde (Iran Oil Show 2024) «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew çykyş edip, Eýran bilen gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. Ol tehniki-inženerçilik hyzmatlarynyň mümkinçiligini we gaz çalşygyna («swap») gatnaşmagy esasy ugurlary hökmünde görkezdi. Bu barada «Iran Press» ýazýar.

M.Arçaýew Eýranyň Milli Gaz Kompaniýasynyň (NIGC) dolandyryjy müdiri Majid Çegeni bilen bolan duşuşygynda Eýranyň global gaz pudagynda tutýan ornuna ünsi çekdi. Energetika çeşmelerini alyşmak we Eýran kompaniýalarynyň Türkmenistanda taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy arkaly Eýran bilen gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.

Çegeni Eýran bilen Türkmenistanyň gaz pudagynda köpden bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyny belläp, hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem ol NIGC-iň gaz pudagynyň dürli ugurlardaky mümkinçiliklerini belläp, gaz alyş-çalşygy we tehniki hyzmatlaryň eksporty pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Çegeni Eýranyň şu ýyl gaz eksport edýän ýurtlar forumynyň ministrler mejlisiniň geçiriljekdigini habar berdi we Türkmenistanyň foruma agza bolmagy mümkinçiligini goldaýandygyny aýtdy.

Tähranda geçirilen «Iran Oil Show 2024»-e 1500 eýran firmasy we 12 ýurtdan 250 kompaniýa gatnaşdy.