«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş atşynaslar toparyny döretmegi teklip etdi

Ozal habar berşimiz ýaly, 12-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna bardy we bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmegiň wezipeleri bilen gyzyklandy, milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary barada söhbet etdi.

Saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaş nesliň milli atşynaslyk ýörelgelerine bolan höwesiniň guwandyryjy ýagdaýdygyny aýdyp, täze, ýaş atşynaslar toparyny döretmek baradaky teklibini öňe sürdi. Şeýle hem Gahryman Arkadag bu topara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw berilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň öňe süren teklibi uly höwes bilen makullanyldy. Şeýlelikde, halypa atşynas hormatly Arkadag täze toparyň işine ak pata berip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowa atçylyga höwes bildirýän çagalara goldaw bermek we bu ugra höwesli nesilleri toparyň agzalygyna çekmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy çagalaryň her hepdede ata erk etmek boýunça türgenleşik geçmekleri üçin zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Bu babatda atçylyk bilen meşgullanmaga höwes bildirýän çagalaryň hünär eýesi bolmagyna Gazna tarapyndan yzygiderli goldawyň beriljekdigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde “Biz --- Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat bäsleşiginiň geçirilýändigi, oňa ahalteke bedewleriniň çeper keşbini şekillendirmäge höwes edýän köp sanly çagalaryň gatnaşýandygy barada hem aýtdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti Gahryman Arkadagyň şu gün akademiýa gelip görmeginiň, şeýle hem ata erk etmegiň öz şahsy tejribesine esaslanýan aýratynlyklary barada aýdan
öwüt-ündewleriniň çagalaryň bu ugra höwesini has-da artdyrandygyny, olaryň ruhuny belende göterendigini aýtdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti Gahryman Arkada bu ýere gelip, ata höwesek ýaşlaryň hünärine badalga berendigi hem-de çagalary atşynaslyk dünýäsiniň ak ýoluna atarandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, “At --- myrat” diýlişi ýaly, çagalaryň asylly maksatlarynyň Gahryman Arkadagyň we döwlet Baştutanynyň tagallalary bilen amal boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow asylly käre höwes edýän çagalara saýlap alan hünärlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.