Aşgabatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçiriler
10-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Forumyň mowzuklaýyn mejlislerinde ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, howpsuzlyk, söwda, bilim we “ýaşyl” energetika ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk, bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bu ugurda amala aşyryljak täze taslamalar bilen tanyşdyrmak boýunça metbugat maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Forumyň çäklerinde “2024-2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler we syýasy dialog” atly taslamany amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem şol gün DIM-niň binasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzda alyp barýan işleri baradaky sergini guramak meýilleşdirilýär.