Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen gutlag hatlar
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.
Biziň ýurtlarymyzda 9-njy maý senesi söweş meýdanlarynda zalym duşmana garşy egin-egne berip gaýduwsyz göreşen we tylda zähmet çekip Ýeňşi ýakynlaşdyran merdana pederlerimiziň görkezen edermenligini, synmaz erkini çäksiz hoşallyk bilen hatyralaýan günümizdir.
Şol agyr ýyllarda kemala gelen dostluk, birek-biregi goldamak däpleri Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik gatnaşyklary ösdürmek üçin mundan beýläk-de berk binýady bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Ýurduňyzdaky Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna hoşallyk sözlerimi we tüýs ýürekden gutlaglarymy, berk jan saglyk, abadançylyk we uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Hormatlamak bilen,
Wladimir Putin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi we doganlyk türkmen halkyny Ikinji Jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bu sene biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyny hem-de halklarymyzyň parahatçylyk we asudalyk üçin göreşde görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hem-de synmaz gaýduwsyzlygyny aňladýan taryhy we beýik ýeňşidir.
Şol agyr ýyllarda söweş meýdanlarynda gaýduwsyz göreşen ata-babalarymyzyň edermenligini we batyrlygyny hatyralamak hem-de uruşda gahrymanlarça wepat bolan gerçeklerimiz baradaky mukaddes ýatlamalary gorap saklamak we weteranlary aýratyn üns–alada bilen gurşap almak biziň borjumyzdyr.
Asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylykda we dostlukda ýaşap gelýän biziň halklarymyzyň pederlerimiziň görkezen edermenligi netijesinde gazanylan Beýik Ýeňşi mundan beýläk-de şöhratlandyrjakdyklaryna we olaryň görkezen gahrymançylygynyň hem-de watansöýüjiliginiň mertebäniň beýik nusgasy hökmünde ösüp gelýän ýaş nesil üçin görelde boljakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi we ýurduňyzyň ähli raýatlaryny Ýeňiş gününiň 79 ýyllygy bilen gutlaýaryn. 9-njy maý biziň halklarymyzyň görkezen deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlygynyň we edermenliginiň nyşanydyr.
Bu gün biz söweş meýdanlarynda we tylda batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy bilen Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligini, watansöýüjiligini hem-de gahrymançylygyny sarpalaýarys.
Hoşniýetli dostluk, raýdaşlyk we birek-biregi goldamak däpleriniň geljekde-de Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
9-njy maý biziň halklarymyz üçin umumy baýram bolup, azatlyk we garaşsyzlyk ugrunda faşizme garşy göreşde frontçylaryň we tylda zähmet çekenleriň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, gaýduwsyzlygynyň we edermenliginiň nyşany hökmünde hemişelik taryha girdi.
Janyny pida edip Watany goran gahrymanlarymyzyň edermenliginiň ýagty ýadygärliginiň öňünde baş egýäris, uruşda weýran bolan şäherleri we obalary täzeden dikeltmäge gatnaşanlary sarpalaýarys.
Frontda egin-egne berip uruş ýyllarynyň agyr synaglaryndan geçen halklarymyzyň dostlugynyň we mizemez jebisliginiň Azerbaýjan Respublikasynyň bilen Türkmenistanyň arasynaky döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek üçin hemişe berk binýat boljakdygyna pugta ynanýaryn.
Bu baýram gününde hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size we ähli uruş weteranlaryna hem-de tylda zähmet çekenlere, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Ilham Aliýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.
9-njy maý ýurtlarymyzyň egin-egne berip, nasizme garşy göreşen hem-de geljek nesilleriň parahat durmuşyny we erkinligini gazanan halklaryny jebisleşdirýän senedir. Halklarymyzyň jebisligi bu Ýeňşi gazanmaga mümkinçilik berdi.
Watanymyzyň gahrymanlarynyň görkezen gaýduwsyzlygy we mertligi biziň hakydamyzda hemişelik galar. Biz olaryň öňünde borçludyrys we olaryň edermenligi baradaky ýagty ýadygärligi kalbymyzda saklap, şeýle pajygaly wakalaryň gaýtalanmagyna ýol bermeli däldiris.
Belarusuň we Türkmenistanyň halklarynyň uruş ýyllarynyň agyr synagyndan geçen dost-doganlygynyň uzakmöhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk we döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa, asuda asman we abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Aleksandr Lukaşenko, Belarus Respublikasynyň Prezidenti