Serdar Berdimuhamedow Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» halkyň rowaçlygynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi-de esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.
Ýurduň suwy rejeli we netijeli peýdalanmakda baý tejribesi bar. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda suwa aýawly garap gelipdir. Häzirki döwürde bu parasatly däpler suw hojalygynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga ylmyň gazananlaryny we ekologiýa taýdan arassa innowasion suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çärelerde öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen birlikde, pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna hem uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanda suw serişdelerini dolandyrmak we gorap saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, şäherleriň we obalaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň göwrümlerini, derýalaryň, suwaryş we lagym ulgamlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça çemeleşmeleriň kämilleşdirilmegine yzygiderli üns berilýär. Şu maksatlar bilen degişli taslamalar durmuşa geçirilýär, pudak üçin ýörite tehnikalar we iň täze enjamlar satyn alynýar.В Туркменистане при участии Президента страны запустили новое водоочистное сооружение