Türkmen wekiliýeti Tbiliside geçirilýän AÖB-nyň 57-nji duşuşygyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Aziýanyň ösüş bankynyň her ýylky mejlisiniň 57-nji duşuşygyna gatnaşýar.
«Geljegiň köprüsi» atly bu forum Tbilisi şäherinde 2 – 5-nji maýy aralygynda ilkinji gezek geçirilýär.
Duşuşyga AÖB-nyň 68 sany agza ýurtlaryndan 4000-e golaý wekil, şol sanda AÖB-nyň prezidenti Masasugu Asakawa, maliýe ministrleri, merkezi banklaryň dolandyryjylary, ýokary derejeli hökümet işgärleri, şeýle hem hususy pudagyň, ylmy jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi, emeli intellekt, ýaşyl globallaşma, ykdysady ýagdaýlar, sebit hyzmatdaşlygy hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ösüşiniň we beýleki birnäçe esasy meseleler barada pikir alyşýarlar.
Ýeri gelende, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň işjeň ösüşini, şeýle hem 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ýokarlanýandygyny belläp geçmelidiris.
Forumyň çäginde dürli çäreler, seminarlar we çykyşlar guralar.