«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Ýanwar-mart: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 3,57 milliard manatdan geçdi

Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 3 milliard 576,86 manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 3 milliard 121 million 565 müň 538 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 329 million 862,3 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 4 million 143,2 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 103 million 324,2 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 527,6 müň manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 17 million 440,71 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.