«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

URUMÇI ― AŞGABAT ― URUMÇI HOWA GATNAWY HEPDEDE IKI GEZEGE ÇYKARYLAR

Aşgabat şäheriniň ähli döwrebap mümkinçilikleri bolan halkara howa menziline dünýä döwletleriniň meşhur awiakompaniýalary hem iri şäherlere halkara uçuşlary yzygiderli amala aşyrýarlar. Şolaryň biri hem Hytaý Halk Respublikasynyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan Urumçi (HHR) ― Aşgabat (Türkmenistan) ― Urumçi (HHR) howa gatnawydyr.

Häzirki wagtda bu gatnaw hepdede bir gezek, ýagny her hepdäniň çarşenbe günleri amala aşyrylýar. Ýöne awiakompaniýa ýolagçylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ugur boýunça uçuşlaryň sanyny şu ýylyň 18-nji maýyndan başlap, hepdede iki gezege çykarmagy meýilleşdirilýär. Şol günden soň Urumçi ― Aşgabat ― Urumçi aralygynda hepdäniň ýekşenbe günlerinde hem uçuşlar amala aşyrylyp başlanar.

Ýeri gelende aýtsak, «Türkmenhowaýollary» agentligi we ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk saklaýan dünýä döwletleriniň meşhur awiakompaniýalary tarapyndan merjen paýtagtymyzy we ýurdumyzyň beýleki şäherlerini dünýä daşary ýurtlaryň iri şäherleri bilen baglanyşdyrýan göni howa gatnawlarynyň sany barha artdyrylýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýlen nurana ýörelgeleriniň durmuşa geçirilýändigini subut edýär.