«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Magtymguly Pyragynyň Aşgabadyň günortasyndaky ägirt ýadygärligi 17-nji maýda açylar

17-nji maýda Aşgabadyň günorta künjeginde "Magtymguly Pyragy" medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi baradaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň birnäçesi meýilleşdirildi. Hususan-da, medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahat, ýurduň teatrlarynda sahna oýunlarynyň görkezilişi, kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine bagyşlanyp surata düşürilen türkmen kinofilmleriniň görkezilişi guralar.

18-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar, şol sanda durky täzelenen Baş baýdak meýdançasynyň açylyş dabarasy geçiriler.
Şol gün "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" atly halkara ylmy maslahaty we baýramçylyk konsertini geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Maý aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we Ahal welaýatynda täze desgalaryň birnäçesi, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalar hem ulanmaga berler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen baglanyşykly şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.