«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

TÜRKMENISTANYŇ INŽENER-TEHNIKI WE ULAG KOMMUNIKASIÝALAR INSTITUTYNDA ULAG ULGAMYNYŇ ÖSDÜRILIŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň goldaw bermeginde ýurdumyzyň ulag pudagyny ösdürmegiň geljegine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň duşuşygynyň esasy temasy türkmen paýtagtynda 15-19-njy aprelde geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň ХХХVIII mejlisiniň netijelerinden ybarat boldy.

Çykyşlarda esasan, maslahata gatnaşyjylaryň mejlisiň netijeleri boýunça kabul eden bilelikdäki beýannamasynyň – Aşgabat jarnamasynyň uly ähmiýeti nygtaldy. Ol halkara gatnaşyklaryny berkitmäge we ep-esli giňeltmäge, DÝHG-niň agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmegiň ygtybarly binýadyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ykdysady, maglumat, ylmy-tehniki we demir ýol ulaglarynyň ekologiýa ugurlary bilen baglanyşykly birnäçe täze wezipeleri çözmäge gönükdirilen Aşgabat jarnamasy halkara demir ýol gatnawlaryny ösdürmek hem-de kämilleşdirmek ugrunda nobatdaky ädim bolar.

Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriň sebitleýin merkezi hökmünde çykyş edip, eýeleýän ýörelgelerini pugtalandyrmagy yzygiderli dowam edýändigi nygtaldy. Ýurdumyzda 2022-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň maksatnamasynyň wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman ugurdaş düzümleri döretmek boýunça maksadalaýyk çäreler geçirilýär.

Çykyşlarda multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda ähli taraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmek babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň kabul edilmeginde Türkmenistanyň başlangyçlary hem-de tagallalary bellenildi.

Ýokary okuw mekdebindäki bu çäre Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň hem-de ýurduň pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda brifingiň we tegelek stoluň geçirilmegi bilen dowam etdi. Duşuşyklaryň barşynda olara gatnaşyjylar ulag ulgamynda amala aşyrylýan taslamalaryň eýeleýän ornuna we möhümdigine ünsi çekdiler hem-de pudagy ösdürmegiň üstünlige beslenmeginiň we depginleriniň ýurtda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler hem-de strategiýalar bilen şertlendirilendigi, şolaryň ýurduň ulag-logistika mümkinçiligini giňeltmäge hem-de hyzmatdaş ýurtlar bilen gatnaşyklaryň abadançylygyna gönükdirilendigini nygtadylar.