Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi.
Hökümet mejlisinde, ilki bilen, milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda täze kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler, deputatlaryň gatnaşýan çäreleri, halkara derejede parlamentara gatnaşyklar barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etmegiň, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, halkara gatnaşyklar, ýurduň daşary syýasaty, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Hökümet mejlisiniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlaryna ýüzlenip, 28-nji aprelde ýurtda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy.
--- Biz ýurdumyzda atçylygy dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda geljekde hem ähli şertleri dörederis --- diýip, döwlet Baştutany nygtady we mejlise gatnaşyjylary, ähli watandaşlaryny bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hökümet mejlisine gatnaşyjylar hem Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.