«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we Ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we Ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-niň we Premýer-ministr Rişi Sunagyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Dewid Kemerony türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna hem-de Premýer-ministrine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutany bu saparyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-e we onuň Şazenan maşgalasyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin Beýik Britaniýa bolan iş saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerýändigi we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygy nygtaldy.

— Biz daşary ýurtlar bilen dostluk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Ýüze çykýan wehimleriň hem-de gapma-garşylyklaryň çözülmeginde halkara hukugynyň we diňe diplomatik gurallaryň ulanylmagyny zerur hasap edýäris — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Söhbetdeşlikde Türkmenistan tarapyndan halklara ynsanperwer kömegiň yzygiderli iberilýändigi barada hem bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin britan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Hususan-da, ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň goldanylandygy üçin minnetdarlyk beýan edildi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş häsiýetine eýedigini we söwda ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Bu ugurda baý tejribesi bolan britan kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň maksadalaýykdygy barada aýdyldy. Nebitgaz pudagy, oba hojalygy we täze tehnologiýalar geljegi uly ugurlar hökmünde bellenildi. Nygtalyşy ýaly, britan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagy goldanylýar.

Duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan wajyp meseleleriň biri-de howanyň üýtgemegi we onuň adamzadyň durmuşyna ýetirýän zyýany bilen baglanyşykly boldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara jemgyýetçiligiň bu ugurdaky tagallalaryny Türkmenistanyň doly goldaýandygyny we “ýaşyl” ösüş ugrunda anyk işleri amala aşyrýandygyny nygtady.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdiler. Şeýle-de bilim ulgamynda, hususan-da, bilim maksatnamalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we iňlis dilini okatmaga ýardam bermek babatda britan tarapynyň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy beýan edildi.