Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň diwarlygy ITTC-2024 halkara sergisiniň gatnaşyjylarynyň üns merkezinde

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara forumy öz işine başlady

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

Gurbanguly Berdimuhamedow täze doglan taýa Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Şahyr adyny dakdy

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de onuň çäklerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň geçiriljek ýerine bardy. Ol ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew akademiýada alnyp barylýan işler, talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmekleri ugrunda döredilen şertler we ýaşlaryň atçylyk ulgamyna degişli milli ýörelgeleri özleşdirýändikleri barada hasabat berdi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy B.Rejepow bolsa assosiasiýanyň düzümlerinde alnyp barylýan işler we Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän giň möçberli taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem ol şu ýyl ahalteke bedewleriniň köp sanly taýlarynyň doglandygyny, olaryň baş sanynyň has artandygyny habar berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze doglan taýy synlap, şu ýyl Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilýändigi bilen baglylykda, oňa Şahyr diýip at goýdy we taýçanagyň boýnuna alaja dakdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri akademiýanyň mugallymlarynyň talyplara berýän okuw işleriniň döwrebap ýagdaýda ýola goýulmalydygyny, şunda mugallymlaryň hünär taýdan kämilleşmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Şeýle hem akademiýanyň professor-mugallymlarynyň milli atşynaslyk däplerini ylmy taýdan öwrenmekleri we ösdürmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmelidigi bellenildi.

- Akademiýanyň talyplary okuwdan boş wagtlaryny bedewleriň arasynda geçirmelidirler. Olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri we häzirki zamanyň tejribesini utgaşykly alyp barmaklary ugrunda zerur tagallalar edilmelidir --- diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçilik meselelerini öwrenmegi we bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.