Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Gazagystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, bu mübärek baýram ähli yslam ymmatynda raýdaşlygy, ýokary gymmatlyklary, ýagşylygy, rehimdarlygy artdyrsyn! Goý, Beýik Biribar biziň ähli umyt-arzuwlarymyzy, asylly işlerimizi kabul etsin hem-de hemmeleri öz penasynda aman saklasyn!
Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size jogapkärli işiňizde üstünlikleri, maşgala bagtyýarlygyny, abadançylyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin!
Iň gowy arzuwlar bilen,
Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Serdar Berdimuhamedowa
Mübärek Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize, doganlyk türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna ösüş, rowaçlyk, abadançylyk dileýärin.
Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Siziň doganyňyz,
Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri
Salman ben Abdelaziz Al Saud,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size berk jan saglyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Mohammed VI,
Marokkonyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa mukaddes Oraza baýramyny hemişe abadançylykda, rysgal-bereketde baýram etmegi dileýärin.
Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Serdar Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Muhammad Şahbaz Şarif,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mübärek Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan biziň hemmämize hoşniýetlilik, abadançylyk dileýärin.
Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy,
Ministrler Kabinetiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Owganystan goňşy Türkmenistan bilen ysnyşykly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Bu mukaddes baýramyň asylly ýörelgeleriniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berjekdigine umyt edýärin. Owganystan soňky ýyllarda Türkmenistan bilen syýasy, ykdysady hyzmatdaşlykda gazanylan ösüşe ýokary baha berýär we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt edýär.
Pursatdan peýdalanyp, ýakyn wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleriň dikeldilmegine garaşylýandygyny bellemek isleýärin.
Beýik Biribardan Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň doganlyk halkynyň doga-dileglerini we asylly işlerini kabul etmegini dileýärin.
Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýmak bilen,
Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund,
Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy.