Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň diwarlygy ITTC-2024 halkara sergisiniň gatnaşyjylarynyň üns merkezinde

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara forumy öz işine başlady

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

Fransuz dili boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Frankofoniýa» bäsleşigi ýaşlaryň fransuz dilini öwrenmäge bolan isleglerini artdyrmak, olary Fransiýanyň taryhy we medeni däpleri bilen tanyşdyrmak maksadyndan ugur aldy.

Bäsleşik Halkara frankofoniýa güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Fransiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasy we onuň ýanyndaky Fransuz instituty tarapyndan guraldy. Oňa Fransuz institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bu dili öwrenýän talyplary gatnaşdylar. Bäsleşik üç ugur — düzme ýazmak, aýdym aýtmak we dürs sözleýiş boýunça geçirildi.

Emin agzalary ýeňijileriň dil bilşine ýokary baha berdiler. «Daşky gurşawy goramak», «Gender deňligi», «Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlary» atly mowzuklardan düzme ýazmakda 1-nji we 3-nji orunlara, degişlilikde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Aýsenem Saparowa hem-de Maýa Ballyýewa mynasyp boldular. Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Mähri Mämmedowa 2-nji orny eýelemegi başardy.

Dürs sözleýiş ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň fransuz dilini öwrenýän talyplary bäsleşdiler. Bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji ýyl talyplaryň arasynda 1-nji we 2-nji orunlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Gülsenem Nagimowa, Nurtäç Şalykowa, 3-nji orny bolsa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Güljemal Geldimyradowa eýeledi. Dördünji hem-de bäşinji ýyl talyplaryň arasynda geçirilen bäsleşikde 1-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Aýbölek Sahatowa, 2-nji we 3-nji orunlara bolsa, degişlilikde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Aýsenem Saparowa hem-de Gülşirin Batyrowa mynasyp boldular.

Fransuz dilinde aýdym aýtmak boýunça 1-nji orny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Aýlar Ataýewa, 2-nji we 3-nji orunlary bolsa, degişlilikde, Aşgabatdaky Fransuz institutynyň diňleýjisi Kristina Krasnokutskaýa we Daşoguz şäherindäki 10-njy orta mekdebiň okuwçysy Munisa Hudaýbergenowa eýelemegi başardylar. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.