Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň diwarlygy ITTC-2024 halkara sergisiniň gatnaşyjylarynyň üns merkezinde

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara forumy öz işine başlady

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

Türkmenistanyň BMG-niň edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen iş sapary bilen Ženewada bolan Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory Alekseý Borodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar aragatnaşyk we maglumatlaşdyrmak pudagynda GDA-ny utgaşdyryjy döwletara edara hökmünde çykyş edýän, Türkmenistan bilen Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň arasyndaky aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Garalan meseleleriň hatarynda Türkmenistanda maglumat-kommunikasion tehnologiýalary çygrynda uly halkara çäreleri geçirmek mümkinçiligine aýratyn üns berildi.

Beýleki sebitleýin halkara guramalary öz içine almak bilen, Bütindünýä poçta bileleşigi we Halkara telekommunikasiýa bileleşigi ýaly BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda sebitiň ýurtlarynyň ylalaşylan garaýyşlaryny ilerletmäge ýardam berýän milli derejede we halkara bileleşiginde aragatnaşyk pudagynda ileri tutulýan wezipeler we amaly ädimler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşyk bilen Ženewa meýdançasynda bilelikde çäre geçirmegiň mümkinçiligine hem garaldy.

Şeýle hem agzalan sebitleýin düzümiň doly hukukly agzalarynyň sanyny artdyrmagyň, telekom operatorlarynyň, aragatnaşyk / internet-kommunikasion tehnologiýalary pudagynda ylmy-seljerme guramalarynyň we maglumat-kommunikasiýa pudagynda iş alyp barýan beýleki guramalaryň hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.