Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň diwarlygy ITTC-2024 halkara sergisiniň gatnaşyjylarynyň üns merkezinde

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara forumy öz işine başlady

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi

9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, häzirki wagtda parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeli dialogy ilerletmegiň, ýurtlaryňdyr halklaryň arasynda ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny saklamagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň şu sapary ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilik bolar.

Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwiliniň hem-de Premýer-ministri Irakliý Kohabidzäniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýete eýedigini nygtady. Iki ýurduň Liderleri köpugurly hyzmatdaşlygyň, şol sanda parlament ugry boýunça gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine itergi berýärler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi. Döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda energetika, senagat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklarda gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem esasy ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz türkmen-gruzin gatnaşyklaryny iki döwletiň anyk mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk gelýän, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýeterlik kuwwata eýedirler.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada-da gürrüň edildi. Şunda halkara hukuk binýadyny döretmekde we ösdürmekde iki ýurduň parlamentarileriniň işjeň gatnaşyklarynyň uly ähmiýeti nygtaldy.

Ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklar hem türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda ylym, bilim, medeniýet, sungat ugurly ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna üns berildi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Parlamentiniň ýolbaşçysyny beýik türkmen akyldary, Gündogaryň bütin dünýäde ykrar edilen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Myhman hormatly Prezidentimize çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň hem aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, şanly senäniň halkara derejede baýram edilmegi dünýä jemgyýetçiligini söz ussadynyň döredijiligi bilen has giňden tanyşdyrmaga hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky netijeli ynsanperwer dialogy pugtalandyrmaga ýardam eder. Munuň özi dünýä derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Gruziýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge we pugtalandyrmaga, şeýle hem doganlyk halklaryň abadançylygyň bähbidine özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň ählisinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwilä we Premýer-ministri Irakliý Kohabidzä mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.