Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady

«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty: oňaýly we tiz eltip bermek

Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň diwarlygy ITTC-2024 halkara sergisiniň gatnaşyjylarynyň üns merkezinde

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara forumy öz işine başlady

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna ýurtda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlag haty bilen ýüzlendi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

"Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp senäniň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçin-de dünýä bileleşigi bilen birlikde, eziz Diýarymyzda hem ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş, medeni maksatly çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde döwletimiziň abraýyny dünýä ýaýýar.

Eziz halkym!

Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatdan ugur alyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek, ajaýyp obadyr şäherçeleri, döwrebap senagat toplumlaryny döretmek bilen, döwletimiziň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidýäris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalary, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris. Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Şonuň bilen birlikde, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezlerini, ýöriteleşdirilen hassahanalary, şypahanalary gurmakda, öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde hem uly ösüşleri gazandyk.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan biziň ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine-de mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň üstünlikli geçirilmegi parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä subut etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bitewi, dowamly hem-de strategik döwlet syýasaty esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamanyň, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi tutuş halkymyzy, ilkinji nobatda, ýaş nesillerimizi çäksiz begendirdi hem-de buýsandyrdy. Elbetde, munuň özi bütin dünýäde parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän Garaşsyz döwletimiziň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbitlerine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, bu ajaýyp halkara baýramçylyk sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany şan-şöhrata beslesin, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn!".

 

Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com