Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

«Galkynyş» toparynyň agzalaryna Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobus sürüjilerini işe çagyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmen wekiliýeti «Digital Bridge 2023» halkara forumynyň dowamynda gazak kompaniýalary bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde ýokary derejeli «Digital Bridge 2023» atly halkara forumyna gatnaşdy. Bu forum dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 20 000-den gowrak ygtyýarly wekili bir ýere jemledi.

Olaryň hatarynda «TikTok» kompaniýasynyň baş direktory Şou Çu, «Digital Nomads» jemgyýetini esaslandyryjy Aset Abdualiýew, «ICPC» gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Uilýam Pauçer, «SpaceX-iň» «Starlink» boýunça wise-prezidenti Loren Dreýer ýaly dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bar.

Forumyň çäginde tegelek stollaryň we duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Olaryň dowamynda ykdysadyýetiň durnukly ösdürilmegi üçin IT hünärmenleriň täze pikirlerini ähli pudaklara üstünlikli ornaşdyrmak, geljegi uly innowasion taslamalary durmuşa geçirmek we degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäginde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň hem-de «Türkmentelekom» EAK-nyň başlygy Hojanyýaz Awganowyň Gazagystan Respublikasynyň Innowasiýa, aerokosmiki we sanly ulgamy ösdürmek boýunça ministri Musin Batyrbekulyň we «Kazahtelekom» PJ-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda sanly ulgamy kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler we halkara ulgamlara birigýän üstaşyr aragatnaşyk geçirijileriň sebitara bähbitleri hem-de mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle-de, taraplar agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.