Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady

«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty: oňaýly we tiz eltip bermek

Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň diwarlygy ITTC-2024 halkara sergisiniň gatnaşyjylarynyň üns merkezinde

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara forumy öz işine başlady

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

3 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem gün tertibine ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisde ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi. Ol şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň hem-de raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli birnäçe desgalary gurmak we durkuny täzelemek baradaky resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerini takyk ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi.

--- Harby we hukuk goraýjy düzümleriň öňünde durýan wezipeleriň talabalaýyk çözülmegi serkerdeleriň hünär derejesine, olaryň hukuk sowatlylygyna, döwrebap tehniki serişdeleri we tehnologiýalary özleşdirmeklerine gönüden-göni baglydyr --- diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we degişli resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutany harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 3 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda degişli düzümleriň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, prokuratura edaralarynyň işgärler kuwwatyny berkitmek maksady bilen görülýän çäreler; ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça görlen anyk çäreler; kazyýet işini talabalaýyk alyp barmak, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler; Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan döwlet bähbitlerini goramak, jemgyýetde durnuklylygy üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, şeýle hem bu düzümi ösdürmegiň 2022 --- 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi; serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleler; döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Döwlet gümrük gullugynyň edaralarynda işiň döwrebap usullaryny we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler; Döwlet migrasiýa gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, onuň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hem aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowprokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara, şeýle-de Döwlet gümrük gullugynyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly Karara gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.