Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady

«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty: oňaýly we tiz eltip bermek

Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň diwarlygy ITTC-2024 halkara sergisiniň gatnaşyjylarynyň üns merkezinde

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara forumy öz işine başlady

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistan Belarusda guraljak demirýol logistikasy boýunça maslahata gatnaşar

4-nji aprelde Belarus demir ýoly tarapyndan «2024. Demirýol logistikasy: ösüşiň ähmiýetli wezipeleri» atly halkara maslahat geçiriler. Bu barada «BELTA» habar berdi.

Bu çärä halkara ulag guramalarynyň, Belarusyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň demir ýollarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ministrlikleriň hem-de konsernleriň wekilleri, Belarus Respublikasynyň iň uly ýük ýollaýjylary, «Beýik daş» atly hytaý-belarus parkynyň agzalary, «1520 giňişlik» demirýol logistikasynyň operatorlary, portlaryň we paýnamalaryň eýeleri gatnaşarlar.

Maslahatda häzirki döwürde portlaryň gatnaşygy, ulag we logistika infrastrukturasyny ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň geljeginiň möhüm ugurlary, demirýol hem logistika, ulag we tranzit mümkinçiliklerini goşmak bilen, häzirki zaman şertlerinde demirýol logistikasynyň we bäsdeşlik logistik çözgütleriniň emele gelmeginiň iň möhüm meselelerine serediler. Ýük daşamagy guramak bilen meşgullanýan kompaniýalar «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» halkara ulag geçelgelerinde, şeýle hem «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäginde öňde duran meseleleri ara alnyp maslahatlaşarlar.

Mundan başga-da, ulag we logistika pudagynda müşderileriň ünsi we ýük eýeleri bilen gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, demirýol işiniň elýeterliligini we aç-açanlygyny giňeltmek boýunça pikir alyşmalara hem-de häzirki tekliplere uly orun berler.