
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet sapary tamamlandy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli ikiçäk we giňeldilen düzümdäki gepleşikler geçirildi. Ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, doganlyk halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine goşan goşandy üçin, gazak Lideriniň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurduň ýokary döwlet sylagy – «Altyn Bürgüt» («Altyn Kyran») ordeni bilen sylaglandy.
Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti «Älem.AI» emeli aň merkezine baryp gördi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparyny tamamlap, bu ýerden türkmen paýtagtyna ugrady.
Aşgabat şäherinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – «Altyn Bürgüt» («Altyn Kyran») ordeni bilen sylaglanmagy, şeýle-de döwlet saparynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
