Aşgabatda «Türkmentel — 2025» we «ITTC — 2025» forumlary öz işine başlady

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» («ITTC — 2025») atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Forum 14-nji noýabra çenli dowam eder.

 

Bu gezek iki halkara forum ilkinji gezek bir ekspozisiýa we dialog platformasynda birleşdirildi. Bilermenleriň belleýşi ýaly, şeýle gatnaşyk formasy ýokary tehnologiýalar we transport çözgütleri ugrunda içerki we global üstünlikleri has giňişleýin öwrenmäge hem-de tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.

 

Çärelere Halkara elektron aragatnaşyk birleşigi (ITU), Bütindünýä Poçta Birleşigi (UPU) we dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Gatnaşýan kompaniýalaryň arasynda «Ozon», «Huawei», «Nokia», «Cisco», «Juniper», «Thales», «IBM», «Mitsubishi», «Turkish Post», «Kras-Logistics GmbH», «China CAMC Engineering» we «China Harbour Engineering Company» hem bar. Foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine 80-den gowrak daşary ýurt kompaniýasy we 350 wekiliýet geldi.

 

«Türkmentel — 2025-iň» çäginde sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary, emeli aň we telekommunikasiýalar ugurlarynda innowasion çözgütler görkeziler. Hususan-da, «FinTech» forumy, ITU tarapyndan geçiriljek okuw kursy we BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) bilen bilelikde halkara startap-forumy guralar.

 

«ITTC — 2025» halkara maslahatynyň çäginde esasy ugurlar boýunça tanyşdyryşlar geçiriler: geljegiň ulag ulgamynyň konsepsiýasy, sebitara baglanyşyk we multimodal infrastruktura geçelgeleri, howa ulagynyň durnuklylygy, ulag-logistika zynjyrlary üçin innowasion çözgütler we olara maýa çekmek meseleleri.

 

Forumlaryň çäginde «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion bäsleşigiň netijeleri jemlenýär. Oňa milli hünärmenler gatnaşyp, aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dürli ugurlary boýunça 362 taslamany hödürlediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we gymmatly sowgatlar gowşurylar.