Aşgabatda «Türkmentel — 2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler

12 — 14-nji noýabrda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2025» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, bu çäre halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alar.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 12-13-14-nji noýabrda sagat 09:00 – 18:00 aralygynda geçiriler.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Türkmenistan, Çandybil şaýoly, 143.
Telefon belgileri: (+99312) 398881, 398882, 398884.