
Türkmenistan GDA agza döwletleriň Salgyt gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Salgyt gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Utgaşdyryjy geňeşiniň XXXII mejlisi geçirildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.
16-njy oktýabrda geçiriline mejlise Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Maliýe uniwersitetiniň (salgyt we salgyt salmak ulgamy boýunça GDA döwletleriniň işgärlerini taýýarlamak, hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça binýatlaýyn gurama hökmünde) wekilleri gatnaşdylar. Geňeşiň mejlisine synçy hökmünde Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Mejlise gatnaşyjylar bu duşuşygyň GDA ýurtlarynyň salgyt gulluklarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we tejribe alyşmakda aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilow Russiýa Federasiýasynyň başlyklygynda geçen ýylyň dowamynda Geňeşiň alyp baran işine ýokary baha berip, 2030-njy ýyla çenli GDA-nyň Ykdysady ösüş strategiýasynyň birinji tapgyrynyň (2020 — 2025-nji ýyllar) çäginde salgyt hyzmatdaşlygy babatynda ýerine ýetirilen çäreleriň doly durmuşa geçirilendigini nygtady.
Denis Trefilow şeýle hem 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen GDA ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisinde Strategiýanyň ikinji tapgyrynyň (2026 — 2030-njy ýyllar) ýerine ýetirilişine degişli çäreler meýilnamasynyň tassyklananlygyny habar berdi.
Mejlisiň dowamynda Geňeşiň iş toparlarynyň ýolbaşçylary geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler. Olaryň arasynda GDA döwletleriniň arasynda elektron resminama dolanyşygyny ösdürmek, müşderi ugurly ýörelgeleri ornaşdyrmak, ýaş işgärler bilen işlemek we ýaşlar forumyny geçirmek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny we maglumat alyş-çalşygyny kämilleşdirmek boýunça çäreler bar.
Utgaşdyryjy geňeşiň nobatdaky — XXXIII mejlisi 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynda geçiriler.