Türkmenistanda Russiýanyň «sanly attaşesi» işe başlar

Russiýa Federasiýasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Iş dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Dmitriý Grigorenko iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň netijesinde Russiýanyň sanly tehnologiýalaryny Türkmenistanda ilerletmek üçin «sanly attaşe» bellenildi. Şeýle hünärmeniň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Aşgabada gelmegine garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Bu başlangyç Russiýanyň wise-premýeri bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýewiň hem-de Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň arasynda geçirilen duşuşykda beýan edildi. Taraplar anyk IT taslamalaryny we sanlylaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Dmitriý Grigorenko Russiýada ösen maglumat tehnologiýalarynyň pudagy emele gelendigini we soňky ýyllarda bu ugurda durnukly ösüşiň gazanylýandygyny belledi.

Russiýada tejribe alyşmak we milli çözgütleri daşary ýurtlara ilerletmek maksady bilen «sanly attaşe» ulgamynyň ösüşi dowam edýär. Häzirki wagtda şeýle hünärmenler 19 ýurtda, şol sanda Hytaýda, Malaýziýada, BAE-de, Argentinada, Indoneziýada we Kuba Respublikasynda işleýärler. Olaryň wezipesi Russiýanyň radioelektron önümleriniň, programma üpjünçiliginiň we beýleki IT çözgütleriniň eksport şertnamalaryny baglaşmaga we ýerine ýetirmäge ýardam etmekden ybaratdyr.

«Soňky halkara saparlarymyzyň tejribesi Russiýanyň IT çözgütleriniň diňe içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda-da uly islegden peýdalanýandygyny görkezdi. Biz bu gyzyklanmany dowam etdirmegi maksat edinýäris, «sanly attaşe» hünärmenleri bolsa, içerki IT taslamalarymyzy halkara derejesinde netijeli ilerletmegiň möhüm guralydyr. Türkmenistanda şeýle hünärmenň işe başlamagy ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli tehnologik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ynamly ädimdir» diýip, Dmitriý Grigorenko belledi.

Saparyň çäginde wise-premýer Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary üçin-de umumy sapak geçdi. Sapagyň temasy sanlylaşdyrmagyň esasy wezipeleri we mümkinçilikleri barada boldy.