Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji Sammitine gatnaşýar

Duşenbede iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji Sammitiniň geçirilýän ýeri – Kabul edişlikler köşgüne bardy. 

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. 

Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk başlandy. 

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän duşuşyga şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri gatnaşýar.