
Türkmenistan sanly integrasiýa üçin global platforma döretmegi öňe sürdi
Türkmenistan deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan sanly integrasiýa üçin global platforma döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda aýtdy.
Platforma deňlik, ynanyşmak we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny parahatçylyga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe zyýan bermek üçin ulanmaga ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanar.
