Türkmenistan «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmegi teklip etdi

Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmegi teklip etdi. Degişli teklip Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň, ÝUNESKO-nyň hem-de Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň howandarlygynda Aşgabatda geçiriljek bu foruma sebitiň ýurtlarynyň, halkara bilermenleriň we edaralaryň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.