Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, dürli ugurlar boýunça ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Waagn Haçaturýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Ermenistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.