Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A. Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 15 — 19-njy sentýabr aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) 69-njy mejlisiniň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmen tarapy Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny belläp, azyk howpsuzlygy, suw serişdelerini dolandyrmak we saglygy goraýyş ugurlarynda öňde duran taslamalary belläp geçdi.

Şeýle hem şu ýylyň dowamynda BMG tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine hem aýratyn üns çekildi.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary jenap Liu Hua bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda ýadro lukmançylygyny ösdürmek, atom energiýasynyň parahatçylykly ulanylyşy boýunça milli infrastrukturany döretmek, radioişjeň galyndylary dolandyrmak hem-de Türkmenistanyň Agentligiň häzirki we geljekki tehniki taslamalaryna gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Atom energiýasy boýunça halkara agentligi we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan üstünlikli gurnalan imPACT missiýasynyň saparynyň netijelerine aýratyn üns berildi. Bu missiýa ýurduň onkologiýa kesellerine garşy göreş boýunça milli maksatnamalaryny seljerip, bu ugurda gazanylan netijelere ýokary baha berdi hem-de mundan beýläkki hyzmatdaşlyk üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitledi.

Şeýle hem, 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýyl «Atoms for Water» diýen mowzuk astynda geçirilýän, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasynyň çäklerinde gurnalan Ylmy foruma gatnaşdy. Forum suw serişdelerini dolandyrmak, arassa agyz suwuna elýeterliligi üpjün etmek we howanyň üýtgemegi şertlerinde durnukly suw üpjünçiligini üpjün etmek meselelerini çözmekde ýadro we izotop tehnologiýalarynyň ulanylmagyna bagyşlandy.