
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip eder
Türkmenistan halkara hukugyň ileri tutulmagy hem-de halkara işlerde BMG-niň eýeleýän merkezi ornunyň güýçlendirilmegi ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlarynda beýan edilýär.
«Biziň ýurdumyz halkara hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine hem-de bu guramanyň esasy edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldar. Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi beýan eder. Munuň özi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar» diýip, TDH ýazýar.
Şeýle hem bu başlangyç halkara hukugyň durnuklylygyny pugtalandyrmakda, BMG-niň Tertipnamasyna ileri tutulmagyny üpjün etmekde onuň ornuna ünsi çeker.
Türkmenistan 2026 — 2028-nji ýyllarda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy hökmünde, şeýle hem esasy komissiýalaryň we edaralaryň düzüminde BMG-niň işine işjeň gatnaşmagyny dowam etdirer.