Türkmenistan zähmet bazaryny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy wezipeleriniň biridir.

Türkmenistanyň daşary syýasatynda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümine girýän edaralar bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy, onuň düzümine girýän guramalar, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy bilen zähmet we durmuş üpjünçiligi meseleleri boýunça ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Olar bilen bilelikde ýurtda birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi diýip, TDH ýazýar.

Häzirki wagtda Halkara Zähmet Guramasynyň işi durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermäge, adamlaryň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, zähmet şertlerini gowulandyrmaga, adamyň hukuklaryny goramaga gönükdirilendir. Bu maksatlar zähmet çygrynda hukuklary we binýatlyk ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmak, mynasyp iş bilen üpjünçiligi gazanmak üçin zenanlardyr erkekleriň mümkinçiliklerini giňeltmek, durmuş üpjünçiliginiň netijeliligi, üçtaraplaýyn gepleşikleri we durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly strategik wezipeleriň durmuşa geçirilmegi bilen amala aşyrylýar.

Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri HZG-niň agzasy bolmak bilen, onuň konwensiýalarynyň 11-sine goşuldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde, Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Kanunda we beýleki kanunçylyk namalarynda Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryndan gelip çykýan ýörelgeler beýan edildi.

Türkmenistanda Halkara Zähmet Guramasynyň birnäçe möhüm resminamalaryna goşulmak boýunça işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Konsepsiýada geljek ýyllarda deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkara guramalar we beýleki döwletler bilen zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi ulgamlaryny ösdürmekde işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanda ilatyň iş bilen üpjünçiligine uly ähmiýet berilýändigini habar beripdik.