
Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Eýranyň Ikinji milli forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) bilen Eýranyň arasynda geçirilen Ikinji milli forumyma gatnaşdy. Forum düýn EYR-nyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, forumyň maksady YHG-na agza ýurtlaryň arasynda ykdysady, tehnologik we aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny seljermek, şeýle hem guramanyň ösüşiniň täze strategiýasyny taýýarlamak boýunça bilermenlik tekliplerini işläp düzmekden ybarat boldy.
Forumyň çäklerinde üç ýöriteleşdirilen mejlis geçirildi: «Sebitleýin aragatnaşyk we kommunikasiýa», «YHG we täze tehnologiýalar» hem-de «ECO Vision 2035».
Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda özara peýdaly, konstruktiw we köpugurly hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär.
Çeşmäniň bellemegine görä, türkmen tarapy bu guramanyň işjeň agzasy hökmünde iki ýurduň arasynda ýola goýlan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işlere yzygiderli gatnaşýar.