Serdar Berdimuhamedow Rustam Minnihanowa gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Rustam Minnihanowa saýlawlarda ýeňiş gazanyp, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

“Ses berlişigiň netijeleri Tatarystanyň ähli halkynyň Siziň çekýän ýadawsyz zähmetiňize we Size goýýan hormatynyň nyşanydyr” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belledi we bu möhüm wakanyň Tatarystanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.