
Türkmenistan Halkara parlamentariýler kongresi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer
Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow Halkara parlamentariýler kongresiniň (IPC) Baş sekretary, senator hanym Sitara Aýaz bilen duşuşdy.
15-nji sentýabrda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda Halkara parlamentariýler kongresiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda özara gyzyklanma döredýän meselelerde has netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin yzygiderli gepleşikleri geçirmäge aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Taraplar iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň arasynda özara düşünişmegi we ynamy berkitmäge ýardam berjek dowamly aragatnaşyklaryň we ikitaraplaýyn saparlaryň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.