Türkmenistan «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynyň ikinji ykdysadyýet we energetika Dialogyna gatnaşdy

Şu gün Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesindäki ikinji ykdysadyýet we energetika Dialogy geçirildi.
Agzalan çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň ýangyç-energetika pudagynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk arkaly we şahsy gatnaşmagynda geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, çäräniň dowamynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynyň çäklerinde energetika babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýangyç-energetika pudagynda uglerod bitaraplygyny, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Dialoga gatnaşyjylar sebitde uglerod bitaraplygyny gazanmak maksady bilen, täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary işläp düzmek, olary goldamak we bu babatda sebitiň ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.