Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet serhet gullugynyň başlygyna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ýazgeldi Nuryýewe Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
TDH-niň habar berşi ýaly, döwlet Baştutany ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurduň asudalygyny, parahatçylygyny üpjün etmek boýunça mukaddes borjuny abraý bilen berjaý etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.