Türkmenistanyň Prezidenti Sarahs serhet birikmesiniň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň Hormatly myhmanlar üçin niýetlenilen kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.
TDH-niň habar berşi ýaly, düýn Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Täze binalar toplumynyň enjamlaşdyrylyşy, onda döredilen döwrebap şertler bilen tanşandan soňra, döwlet Baştutany Hormatly myhmanlar üçin niýetlenilen kitaba ýadygärlik ýazgysyny ýazdy.
Türkmenistanyň Prezidentine ýurduň ähli serhetçileriniň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.