Türkmenistan Ysraýylyň Doha şäherine uran zarbalaryny ýazgarýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýyl Döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarýar hem-de şeýle hereketlere Katar Döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin islendik halkara meselelerini çözmekde güýç ulanmak ýa-da güýjüň ulanjakdygy barada haýbat atmak düýbünden kabul ederliksiz hasaplanýar we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine hem-de ýörelgelerine garşy gelýär.