Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy BMG-niň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň öňümizdäki mejlisine degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn orun berildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 9-njy sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde işine başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisiniň ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli halkara meýdança.

Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ýurtda meýilleşdirilen çäreleriň geçirilmegine ýardam bermäge taýýardygy beýan edildi.