
Russiýa Federasiýasynyň we BMG-niň wekilleri Aşgabatda Merkezi Aziýada durnuklylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalar departamentiniň direktory Kirill Logwinow Aşgabatda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen geňeşmeleri geçirdi. Bu barada RF-niň DIM-iniň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar merkeze ynanylan ygtyýarlyklaryň çägine girýän sebitleýin gün tertibiniň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, terrorçylyga we ekstremizme garşy göreş, neşe serişdelerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk, serhetüsti suw serişdelerinden peýdalanmak we ýaşlar bilen bagly meseleler barada pikir alşyldy.
Rus tarapy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini goldaýandygyny belledi hem-de onuň Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdäki möhüm ornuny belledi. Diplomatlar merkeziň GDA, ŞHG ýaly sebitleýin guramalar bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmeginiň ähmiýetini nygtadylar.