Bişkekde türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda «tegelek stol» maslahaty geçirildi

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan «tegelek stol» maslahatyny gurady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Çärä Bişkekde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli durmuşa geçirilýändigi barada bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe bolan döwlet saparlaryna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň Türkmenistanyň özüniň oňyn bitaraplyk, parahatçylygy döretmek ugry arkaly dünýä derejesinde özara düşünişmegi we durnukly ösüşi pugtalandyrýan döwlet hökmünde ykrar edilmeginiň tassyknamasy bolup durýandygy bellenildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýurduň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, halkara parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekdäki möhüm goşandy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän wideoýazgy görkezildi.