Türkmenistan we ÝHHG adam hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşmagy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň başynda R.Meredow hanym Teri Hakala konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we Finlýandiýanyň ÝHHG-niň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky ornuny aýratyn belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar syýasy, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurlarda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Parlament Assambleýasy, Milli azlyklar boýunça Ýokary komissaryň edarasy, Demokratik edaralar we adam hukuklary boýunça býurosy we Habar beriş serişdeleriniň azatlygy boýunça wekili ýaly ÝHHG-niň institutlary bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilendigi nygtaldy.

Helsinki jemleýji namasynyň 50 ýyllygy bellenilýän ýylda ÝHHG-niň başlyklygynyň bu taryhy resminamanyň kabul edilen ýurdy bolan Finlýandiýa tarapyndan amala aşyrylmagynyň aýratyn mana eýedigi bellenildi.

Şu nukdaýnazardan, söhbetdeşler Finlýandiýa ÝHHG-nyň başlyklygynyň şu ýyl dialogy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen ileri tutulýan ugurlarynyň Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruna we halkara başlangyçlaryna, şol sanda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegine laýyk gelýändigi barada ylalaşdylar.

Duşuşykda taraplar howpsuzlygy, energetikanyň ösdürilmegini, şeýle-de ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin umumy tagallalary utgaşdyrmagyň derwaýysdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, adam hukuklaryny goramak ugrunda tejribe alyşmak, demokratik institutlaryny pugtalandyrmak we kanunyň hökmürowanlygy babatynda özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.