
Türkmenistan ilçisi GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aýmyrat Goçmyradow 5-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 107-nji mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda GDA agza döwletleriniň ykdysady hyzmatdaşlygyna degişli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gün tertibine 27 mesele girizildi, olaryň esasynda taýýarlanan 17 resminama 29-njy sentýabrda Minsk şäherinde geçiriljek hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hödürleniler diýlip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi sahypasynda habar berilýär.
Ykdysady geňeşiň agzalary GDA agza döwletleriň özara söwdasynda ýüze çykýan päsgelçilikleri we olaryň çözgütleri boýunça teklipleri, GDA agza döwletleriň esasy multimodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak boýunça Strategiýanyň taslamasyny, GDA agza döwletleriň innowasion hyzmatdaşlygynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Döwletara maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin toplumlaýyn meýilnamany ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem GDA agza döwletleriň maglumat jemgyýetini we sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2035-nji ýyla çenli döwür üçin hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň taslamasy we ony durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ylmy-tehnologik ösüşiniň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň taslamasy, 2026-njy ýylda GDA-nyň çäklerinde «Saglygyň goramagyň ýylyny» geçirmäge taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň meýilnamasynyň taslamasy makullanyldy.
Mundan başga-da, mejlisde 2021 — 2024-nji ýyllarda Intellektual eýeçiligiň hukuk taýdan goralmagy we onuň goragyna degişli meseleler boýunça Döwletara geňeşiň işi baradaky hasabata, şeýle-de 2021 — 2024-nji ýyllarda GDA-nyň agza döwletleriň arasynda peýdalanyş, gözleg we ýerasty baýlyklary goramak boýunça Hökümetara geňeşiň işi boýunça hasabata seredildi we oňa oňyn baha berildi.
Ykdysady geňeşiň karary bilen GDA agza döwletleriň binýatlaýyn edaralaryna degişli derejeler berildi:
ulular boýunça trawmatologiýa we ortopediýa ugrunda – Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň «N.N.Priorow adyndaky Milli lukmançylyk barlag merkezi» (Moskwa şäheri);
çagalar boýunça trawmatologiýa we ortopediýa ugrunda – Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň «G.I.Turner adyndaky Milli lukmançylyk barlag merkezi» (Sankt-Peterburg şäheri).
Mundan başga-da, mejlisde 2026-njy ýyl üçin GDA-nyň edaralarynyň birleşdirilen býujetiniň taslamasyna, GDA agza döwletlerde uruş weteranlarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem 2018 — 2024-nji ýyllarda Kiçi telekeçiligi goldamak we ösdürmek boýunça maslahat beriş geňeşiniň işi baradaky Hasabata we beýleki birnäçe maliýe meselelerine seredildi.
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 5-nji dekabrda Moskwa şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.