
Türkmenistanyň parlamentinde UNECE-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) bilermenleri Nadežda Hamrakulowanyň, Mihail Drabikiň we Franko D`Amoreniň Aşgabada saparynyň çäklerinde olar bilen Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri, şeýle hem beýleki abraýly halkara guramalar bilen parlament işini we milli kanunçylygy kämilleşdirmek, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrmak, Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygynyň çäginde ýurduň ençeme halkara resminamalaryna goşulandygy, bilelikdäki maksatnamalaýyn taslamalary durmuşa geçirmek babatda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi barada aýdyldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ýurtda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we geljekki nesiller üçin tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary dogrusynda pikir alşyldy. Türkmenistan Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu halkara guramasy bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meýilnama esasynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýurtda ornaşdyrmak barada yzygiderli işleri alyp barýandygy bellenilip geçildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek babatda milli hukuk binýadynyň bardygyny, şeýle hem BMG tarapyndan alnyp barylýan ýaşyl ykdysadyýete geçmek babatda tagallalaryň edilýändigi bellenip geçildi. Şeýle-de çykyş edenler «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» we «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň kabul edilmeginiň möhüm ähmiýetini, we olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.